THH - Hoş geldiňiz

Göçmek üçin ygtybarly hyzmatlar

Öý goşlary göçürme

Tassyklanan şertleri we kepillikleri ileri tutýan bolsaňyz, onda “Taze Hilli Hyzmatlar” kompaniýasyna ýüz tutuň! Aşgabat şäherinde öý goşlarynyň göçürmesini çalt, seresaplylyk bilen, amatly bahadan ýerine ýetirmek üçin ýörite ulag serişdesi bilen üpjün ederis! Diňe takyklygy däl, eýsem arassaçylygy hem üpjün edýäris. Biziň kompaniýamyz gysga wagtyň içinde täze öýüňize arzan bahadan göçmäge kömek edýär! Siziň islegleriňizi bilmek, şeýle hem ýagdaýa baha bermek – biziň baş maksadymyzdyr!

Edara goşlary göçürme

Edaralaryň goşlaryny göçürmek bu köptapgyrly we jogapkärli iş. Edara giňişliginde köp sanly edara enjamlary we kompaniýa üçin möhüm resminamalar bar. Şonuň üçin edaranyň goşlary göçürilende, daşky görnüşini goramak üçin resminamalary we enjamlary dogry gaplamak gaty möhümdir. Biziň kompaniýamyzyň kömegi bilen Aşgabat şäherinde ýerleşýän edaranyň goşlaryny göçürmegi teklip edýäris, ony ýerine ýetirmek üiçn ähli çeşmelerimiz bar: hünärmen gaplaýjylar we ýükleýjiler, gaplaýyş materiallary, ammarda ýerleşdiriliş. Gyssagly ýagdaýlarda-da edaranyň goşlaryny göçürmek hünarmenleriň ussatlygy arkaly amala aşyrylýar. Biziň kompaniýamyzda edara mebellerini we enjamlaryny başarnykly daşamak üçin ähli düzgünler berk berjaý edilýär.

Wagtlaýyn ammarda saklama

Siz bizde emläkleriň islendik mukdaryny, hatda aýratyn bir zady ýa-da gutyny amatly bahada saklap bilersiňiz. Biziň ammarymyzda ýerleşdirilen emläk üçin biz maddy jogapkärçiligini çekýäris. Göçüriliş wagtynda ammarda ýerleşdirilen emläk, ammara gelen ýagdaýynda eýesine gowşurylýar. Goşlaryň abatlygy iň soňky howpsuzlyk ulgamlary we ammar meýdançalarynyň gije-gündiziň goragy bilen üpjün edilýär.

Gurnama we sökme işleri

Käbir ýagdaýlarda mebelleri sökmek ýa-da gurnamak zerur bolup durýar. Köplenç bu göçürilişiň dowamynda gerek bolýär, sebäbi käwagt ýük awtoulaglary üçin gabaraly zatlar bolýar we ýer tygşytlamak üçin olary sökmek has maksadalaýykdyr. Ýük soňky eltilmeli nokadyna barandan soň, gurnama işleri geçirilýär. Hünärmenlerimiz gysga wagtyň içinde islendik çylşyrymly mebelleri söküp ýygnaýarlar. Olar diňe häzirki zaman ýokary hilli gurallary we enjamlary ulanýarlar, şeýle hem islendik meseläni çalt çözmäge mümkinçilik berýän köp ýyllyk tejribeleri bar.

Ýükleýjileriň hyzmatlary

Hemme zat biziň bilen ygtybarly! Siziň edaraňyzda ýa-da öýüňizde tötänleýin adamlar bolmaz. Biz ähli ýükleýji hünärmenlerimizi ýörite seçip alyp, barlap, okadanymyzdan soň, size iberýäris. Bizde diňe ýokary derejeli hünärmen işgärlerimiz bar. Toparymyzdaky her bir ýükleýji köp ugurly hünärmendir. Bu örän möhüm, sebäbi göçürme işi ähli ýükleýjileriň dolandyryp biläýjek ýüklemek we düşürmek ýaly ýönekeý amallar bilen baglanyşykly däldir. Döwülýän zatlary ygtybarly gaplamak, mebel gurnamak we sökmek, ýörite tehnika bilen işlemek aýratyn taýýarlygy talap edýär. Biz öz işgärlerimiziň işi, emlägiňiziň howpsuzlygy we abatlygy, edaraňyzyň, öýüňiziň diwarlarynyň bezegi üçin doly jogapkärçilik çekýäris!

Otag ösümlikleri göçürme

Kompaniýanyň hünärmenleriniň öz işlerine başarnykly çemeleşmegi netijesinde öý ösümliklerini göçürmek ýylyň islendik wagtynda amala aşyrylyp bilner. Dogry ýyladylan we ulag serişdesiniň salonynda ýerleşdirilen ösümlikler temperaturanyň üýtgemeginden, ýagyşdan we howply ýagdaýlardan goralar. Üsti ýapylan küýzeler ösümlikleri pes temperaturadan we ýagyş sebäpli çyglylykdan goraýan gaplama kagyzy bilen örtülendir;

Polietilen. Onuň kömegi bilen ýapraklary ykjam üýşürilip, ösümlikleri berk ýagdaýda saklanmagyna elter;

Galyň gaplama kagyzy. Goşmaça ýyladyş gatlagy hökmünde ulanylýar.

Näme üçin biz

Türkmenistanyň hemme ýerine

Türkmenistanyň 5 welaýatyna göçüriş hyzmatlaryny edýäris.

Ähli mümkinçilikleri bolan ammarlar

Ýyllar boýy wagtlaýyn jaýda zerur bolan zatlary saklamaga mümkinçilik berýän köp mukdarda ammar topladyk.

Gaplamak ussatlygy

Gaplanyňyzda näçe ýer ýitirýändigiňize geň galarsyňyz. Tejribeli ýükleýjilerimiz gaplamagy ussatlyk bilen dolandyrýarlar.

2020-den bäri göçürmek hyzmaty

Uzak wagt bäri bu iş bilen meşgullanýandygymyz sebäpli, göçümiňizi nädip çözmelidigini bilýäris. Şonuň üçin hiç zat hakda alada etmäň. Siziň göçümiňiz ynamly ellerde.

Online sargyt etmek üçin

Biz barada

“Täze Hilli Hyzmatlar” kompaniýasy, eýeçiligiň dürli görnüşindäki fiziki şahslara we kärhanalara ýokary hilli göçürme hyzmatlaryny hödürleýär. Ähli işler tejribeli we ýokary hünär derejeleri bolan kompaniýanyň doly iş güni esasynda işleýän işgärler tarapyndan amala aşyrylýar.

Maksadymyz

THH kompaniýasynyň maksady içerki bazarynda hereket edýän hyzmatlar pudagynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolmak.

Online sargyt etmek üçin